Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň dikuçar heläkçiliginde 19 adam öldi


Ýamal regiony
Ýamal regiony

Orsýetiň Arktikadaky Ýamal ýarymadasynda ýykylan dikuçarynda azyndan 19 adam ölüp, üç adam hem ýaraly boldy.

Häkimiýetler bu habary 21-nji oktýabrda aýtdylar. Ýaraly ýolagçylaryň biri dikuçarly Nowyý Urengoý obasyna getirildi, beýleki iki ýaraly, ýagdaýlary agyr bolansoň, wakanyň bolan ýerinde medisina bejergisini alýar.

«RIA Novosti» habar gullugy 21-nji oktýabrda ölenleriň 21 adamdygyny, dikuçaryň üstünde 22 ýolagçy bilen üç sany ekipaž agzasynyň bolandygynyhabar berdi.

Dikuçar gonjak bolanda heläkçilige uçrapdyr. Aman galan ýolagçy telefonda Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň halas edijileri bilen gürleşipdir we olaryň bu ýere gelmegi üçin ençeme sagat gerek bolupdyr.

XS
SM
MD
LG