Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo söweşleri dowam edýär


Aleppo, 20-nji oktýabr, 2016

Daşy gabalan we gündogar etraplary pitneçileriň elinde saklanýan Aleppoda barýan söweşler 23-nji oktýabrda hem dowam etdi.

Bir gün öň bu ýerde Siriýanyň hökümeti we onuň esasy ýarany Orsýet tarapyndan yglan edilen 72 sagatlyk «ynsanperwer» arakesme tamam boldy.

Siriýanyň Adam hukuklary boýunça obserwatoriýasy 22-nji oktýabrda rus ýa-da Siriýa hökümetiniň uruş uçarlarynyň gaýtadan howa zarbalaryny urmaga başlandyklaryny aýtdy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlaryny ýaýradýan gözegçi topar Alepponyň front liniýalarynyň boýunda topa tutmalaryň we gury ýer çaknyşyklarynyň hem bolandygyny aýdýar.

Aleppo hökümet güýçleriniň elindäki ýerler we oppozisiýanyň elindäki ýerler diýen iki bölege bölünen.

Käbir pitneçi güýçleriň Birleşen Ştatlar we Orsýet tarapyndan «terrorçy» hasaplanylýan toparlar bilen bileleşýändigi pikir edilýär.

Emma Orsýet we Siriýanyň hökümet güýçleri esasan şäheriň agyr ilatly gündogar bölegini, pitneçileriň elindäki ýerleri nyşana alýar we bu ýagdaý halkara gahar-gazabyna sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG