Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlýandiýanyň Türkmenistana ýarag eksporty tankyt edildi


Mergen tüpeňleri

Finlýandiýa Türkmenistana, Özbegistana ýarag satýandygy üçin tankyt edildi.

Finlýandiýanyň premýer-ministri Jiha Sipilä ýurduň ýarag söwdasy boýunça syýasatynda adam hukuklarynyň ileri tutulýandygyny aýdyp, bu syýasatda hiç hili üýtgeşikligiň bolmandygyny aýdýarka, ýurduň Sosial-demokratik partiýasyndan syýasatçy (SDP) we Ýewropa Parlamentiniň agzasy Liisa Jaakonsaari premýer-ministriň aýdanlaryny şübhe astyna aldy.

Finlýandiýanyň “Helsinki Times” neşiri ýurduň içerki ýarag kärhanalarynyň hökümetiň rugsady bilen mergen tüpeňlerini Ýemendäki graždan urşuna gatnaşýan ýurtlaryň ençemesine eksport edýändigini, şeýle-de hökümetiň Merkezi Aziýanyň diktaturalaryna ýarag satmaga rugsat berendigini we munuň ýurduň ozalky eskport syýasatyndan tapawutlanýandygy habar berdi.

'Zulumkeş diktatura' üçin ýarag

Neşir Liisa Jaakonsaarini sitirläp, “premýer hökümetiň ýarag eksport syýasatynda adam hukuklarynyň ileri tutulýandygyny nädip aýdyp bilýär?” diýen sowaly orta atýar.

Jaakonsaari Finlýandiýanyň ýarag satýan ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistana özüniň eden sapary barada gürrüň berip, öz internet sahypasynda çap eden maglumatynda şeýle ýazýar: “Prezidentiň hemme ýerde gözi we gulagy bar. Ýurt häzire çenli gorkynyň gurşawynda, gorkynyň astynda saklanýar. Türkmenistan dünýäde iň zulumkeş diktaturalaryň biri bolup, adam hukuklary iş ýüzünde düýpden ýok diýen ýaly”.

Ýewropa parlamentiniň agzasy Jaakonsaari Finlandiýanyň Özbegistana hem ýarag satýandygyny belläp, munuň “Finlandiýanyň ýarag eksport syýasatynda üýtgeşikligiň emele gelmeginiň aýdyň alamatydygyny” aýdýar.

“Helsinki Sanomat” neşiri, hususan-da 2015-nji ýylyň iýun aýynda türkmenistanly mergenleriň Finlandiýada öndürilen ýaraga eýe bolandyklaryny ýakynda habar beripdi.

Maglumatda Rihimýaki şeherinde ýerleşäýn tanklara garşy ýarag öndürýän Sako zawody tüpeňleriniň üç görnüşini dünýäniň iň aýylganç diktaturalarynyň birine synag üçin iberdi diýip habar berlipdi. Şeýle-de, neşir Sako zawodunyň özüni bikanun işe baş goşmandygyny aýdyp, premýer-ministr Aleksandr Stubbyň tüpeňleriň synagdan geçirilmegine maý aýynda rusagt berendigini belländigini habar beripdi.

'Syýasatda üýtgeşiklik ýok'

Finlýandiýanyň premýer-ministri Sipilä geçen şenbe güni YLE Radiosynda eden hepdelik çykyşynda, ýurdunyň ýarag eksportyna degişli syýsatynyň üýtgemegine degişli öňe sürülýän çaklamalardan ýüz öwürdi.

“Syýasatda hiç hili üýtgeşiklik ýok. Finlandiýanyň hökümeti her bir ýagdaýa aýratyn seredýär we halkara ylalaşyklaryna laýyklykda çemeleşýär. Şeýle-de, biz şol ýurtlarda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň üýtgemegine laýyklykda öz pozisiýamyzy anyklaşdyrýarys” diýdi.

Türkmenistanyň ýarag söwdasy

Türkmenistan öz ýaragly güýçleri üçin ýaragy, harby ulaglary we tehniki enjamlaryny dünýäniň birnäçe ýurdundan, şol sanda Orsýetden, Belarusdan, Türkiýeden satyn alýar. Türkiýäniň 2014-nji ýylda ýaýradan käbir sanlaryna görä, şol ýylyň dowamynda ýurduň goranmak pudagynda işleýän kompaniýalary Türkmenistany bahasy 42 million 996 müň dollarlyk harby maksatlara gönükdirilen önümler bilen üpjün edipdirler. Agzalan görkeziji ozalky ýyllardan has köpelipdir. Türkiýe Türkmenistana 2010-njy ýylda 65 müň dollarlyk, 2011-nji ýylda hem 13.9 million dollarlyk ýarag satypdyr.

Şeýle-de Günorta Afrika Respublikasynyň 2014-nji ýylda Türkmenistana 50 sany mergen tüpeňini satandygy barada habar berlipdi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG