Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlandiýanyň parlamenti hökümetden düşündiriş soraýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Finlandiýanyň parlamenti ýurduň hökümetinden Özbegistan we Türkmenistan ýaly diktator režimli ýurtlara ýarag eksport edilmegine rugsat berende, nämeden ugur alandygyny düşündirmegi talap etdi diýlip, Finlandiýanyň neşiri habar berýär.

“Yle” atly fin neşiriniň 25-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, şeýle talabyň edilmegine “Helsingin Sanomat” atly neşirde çykan maglumatlar sebäp boldy. Şol maglumatlarda Türkmenistandaky we Özbegistandaky adam hukuklary meseleleriniň “aýylgançdygyna” garamazdan, Finlandiýanyň ýaraglarynyň bu iki ýurda eksport edilendigi habar berilýär.

Fin neşiriniň maglumatynda halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýurtdaky adam hukuklary we media azatlygy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýylyň-ýylyna “dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň” hatarynda ýerleşdirilýändigi hem ýatladylýar.

Finlandiýanyň öňki daşary işler ministri Erkki Tuomioýa ýurduň ýarag eksporty boýunça syýasatyny tankyt edip, ýurduň Demirgazyk Birleşiginiň birlik çyzygyndan daşlaşýandygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde, Finlýandiýanyň premýer-ministri Jiha Sipilä ýurduň ýarag söwdasy boýunça syýasatynda adam hukuklarynyň ileri tutulýandygyny aýdyp, bu syýasatda hiç hili üýtgeşikligiň bolmandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG