Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Siriýadaky gaz hüjümleri baradaky resminamany ret edýär


“Biz jeza beriji herekete geçmäge esas berýän hiç hili deliliň ýokdugyna ynanýarys” diýip, Russiýanyň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin aýtdy.
“Biz jeza beriji herekete geçmäge esas berýän hiç hili deliliň ýokdugyna ynanýarys” diýip, Russiýanyň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin aýtdy.

Russiýa Siriýanyň güýçleriniň üç himiki hüjümi amala aşyrandygy barada Birleşen Milletler Guramasynyň çykaran hasabatyny “ynandyryjy däl” diýip ret etdi we hiç bir sanksiýanyň güýje girizilmeli däldigini aýtdy.

“Biz jeza beriji herekete geçmäge esas berýän hiç hili deliliň ýokdugyna ynanýarys” diýip, 27-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren ýygnagyndan soň, Russiýanyň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin aýtdy.

“Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi” barada BMG-niň çykaran hasabatynda 2014-2015-nji ýyllarda Siriýanyň hökümet güýçleriniň käbir obalarda hlor-gaz hüjümleri üç gezek amala aşyrandygy baradaky resminamalar köpçülige hödürlenýär.

Emma Çurkin bu maglumatlaryň Siriýa garşy sanksiýalary girizmäge çagyryş etmek üçin ýeterlik derejede güýçli däldigini nygtady.

XS
SM
MD
LG