Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň başladylan arassalaýyş işleriniň çäginde ýene-de 10 müňe golaý raýat işgäri wezipesinden boşadyldy.
Wezipesini ýitirenleriň aglabasy bilim, adalat we saglyk pudagynyň işgärleridi.
Kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýurduň günorta-gündogar sebitinde hem 15 sany habar serişdesi ýapyldy.
Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar agentligi işi togtadylan medialaryň gadagan edilen Kürdistan Işçiler Partiýasynyň “propagandasyny ýaýratmakda güman edilýändigini” aýtdy.
Iýul aýyndaky başa barmadyk agdarylyşyk bilen baglylykda 32 müň adam tussag edilip, mundan soňky arassalaýyş işlerinde hem onlarça müň adam wezipelerinden boşadyldy.
Bu hereketler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankytlanypdy.
Türk hökümeti agdarylyşygyň arkasynda häzir ABŞ-da ýaşaýan dini ruhany Fethullah Güleniň durandygyny aýdýar. Gülen bu aýyplamalary inkär edýär.
Hormatly Maksat Ataýew! 30 maddalyk Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyn bir maddasy / yada bir näçe maddasy A hökümet tarapyndan gödek bozulan ýagdaýynda Birleşen Milletler Guramasy A hökümetine nähili çäre görmek hakynda 30 maddalyk ähliumumy jarnamasynda barmy? we şol ýagdayda Birleşen Milletler Guramasy nämy karara gelmeli? we nähili çäre görmeli?
Nahili nalaç edeyin hokumedimiz bar. Adamlar bejerip bolayjak kesellerdenem finans yagdayi sebapli ölübem gutorjak. Yarisi turkde yarisi hassahanada. Daşary dowletlerde hokumetler oz rayatlarna giden mumkincilikler beryar. In bolmanda kreditni kartoçkalary bilen hasaplasyp bilyarler, ussesine de işleyan adamlaryn saglyk strahowkasy bar. Strahowkan bar bolsa dermanlara hakyky bahasynyn 10% toleg edilyar. Ay bolyada janim yanya welin...