Täjigistanda “Nigoh”, ýagny “Garaýyş” atly garaşsyz gazetiň eýesi neşiriň öz işini togtadýandygyny mälim etdi. Bu gazetiň 10-njy ýyl dönüminiň öňüsyrasynda yglan edildi.
“Nigohyň” eýesi “Indem” ylmy-barlag merkezi ýörite beýanat ýaýradyp, “amatly şertleriň ýokdugy” sebäpli gazeti ýapmaly bolandyklaryny nygtady.
Beýanatda “biz mundan başga hiç zat aýdyp bilmeýäris” diýlip, neşiriň ýapylmagy bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmeýär.
“EurasiaNet.org” neşiri “Nigohyň” gadagan edilen Yslam Galkynyş partiýasy barada maglumatlary çap edendigi sebäpli ýapylandygyny öňe sürýär.
Täjigistanda prezident Emomali Rahmonyň 25 ýyllyk awtoritar režiminiň dowamynda garaşsyz media neşirleriniň onlarçasy ýapylypdy.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.