Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwiýada alnyp gaçylan italiýanlar azat edildi


Azat edilenler Liwiýanyň aeroportynda abatlaýyş işlerini geçirýän italiýan kompaniýasynyň işgärleridi. Illýustrasiýa

Liwiýada alnyp gaçylan Italiýanyň we Kanadanyň raýatlary azat edildi diýip, Italiýanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

Beýanatda adamlaryň “Liwiýa resmileri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň” netijesinde azat edilendigi aýdylyp, başga, goşmaça jikme-jik maglumat berilmeýär.

Azat edilenler 19-njy sentýabrda Ghatda näbelli ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdylar. Olaryň üçüsi hem Liwiýanyň aeroportynda abatlaýyş işlerini geçirýän italiýan kompaniýasynyň işgärleridi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG