Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga kömek etse"


Eýranda ýaşaýan etniki türkmen zenany
Eýranda ýaşaýan etniki türkmen zenany

Golaýda Türkmenistan garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümini ýurduň içinde we daşynda dürli çäreler bilen gutlady. Bu çäkde Rusiýada ýaşaýan türkmen diasporasy üçin uly çäre durmuşa geçirildi.

Owganystan bilen Eýranda aglaba köpçülik bolup ýaşaýan etniki türkmenlerden şeýle çäreler bilen baglanşykly Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna dürli seslenmeler gelip gowuşdy.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny dünýä türkmenleriniň haýyşyny nazarda tutup, Owganystan bilen Eýrandaky türkmenleriň çärelerden owal üns berilmegini isleýän gyssagly çözgüde garaşýan problemalaryna gönükdirýär.

Owganystan-Türkmenistan serhetýakasynda Amyderýanyň boýunda ýaşaýan etniki türkmenler bilen eýran-türkmen serhetýakasynda ýaşaýan etniki türkmenleriň gündelik durmuş problemalary esasynda taýýarlanan gepleşigi aşakdaky sepden diňläp bilersiňiz.

"Türkmenistan ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga kömek etse"
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:47 0:00

XS
SM
MD
LG