Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly kürt güýçleri Mosulyň golaýyndaky şäherçede öňegidişlik gazandy


Yrakly kürt güýçleri Mosulyň golaýyndaky şäherçede öňegidişlik gazandy
Yrakly kürt güýçleri Mosulyň golaýyndaky şäherçede öňegidişlik gazandy

Yragyň kürt güýçleri Mosulyň gündogarynda ýerleşýän we “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň kontrollygynda saklanýan şäherçäni yzyna almak ugrunda hüjümlere başladylar.

7-nji noýabrda 2 müňe golaý peşmerga söweşijisi Başika şäherçesine girdi. Mosulyň 13 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän bu şäherçäniň ilatynyň aglabasynyň “Yslam döwleti” söweşijileridigine ynanylýar.

6-njy noýabrda kürt güýçleri şäherçä minomýotlary we güýçli artilleriýa oklaryny atyp hüjüm etdiler.

Geçen hepde Yragyň hökümet güýçleri Mosula girip, onuň gündogaryndaky mähellelerde käbir öňe gidişlikleri gazandylar. Emma yrak güýçleriniň şäheriň gür ilatly sebitlerine aralaşyp, “Yslam döwleti” toparynyň janyndan geçen bombaçylary bilen ýüzbe-ýüz bolmagy netijesinde progressiň gerimi haýallady.

XS
SM
MD
LG