Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýa 'Petronasyň' Türkmenistandaky işini artdyrmaga taýýar


Malaýziýanyň "Petronas" kompaniýasy nebit-gaz sergisinde, Aşgabat
Malaýziýanyň "Petronas" kompaniýasy nebit-gaz sergisinde, Aşgabat

Malaýziýa öz “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň göwrümini artdyrmaga türkmen tarapynyň bildiren gyzyklanmasyny goldaýandygyny aýtdy.

Malaýziýanyň premýer-ministri Datuk Seri Najib Razak 8-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň yz ýany geçirilen bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda, Malaýziýanyň dürli ugurlar, şol sanda nebit-himiýa ugry boýunça işlere çynlakaý seredip biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 7-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpura iki günlük iş sapary bilen bardy.

“Men prezident Berdimuhamedowa ‘Petronas’ kompaniýasynyň üsti bilen Türkmenistana öz tarapdarlygymyzy mälim etmegimize mümkinçilik döredendigi üçin, öz minnetdarlygymy bildirdim. ‘Petronas’ Türkmenistanda 1996-njy ýylda işläp başlaly bäri 10 milliard dollar möçberinde pul ýatyrdy” diýip, Malaýziýanyň metbugaty premýer ministrini sitirleýär.

Şeýle-de, Najib Razak taraplaryň global ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda iki tarapyň öz aralarynda açyk-aýdyň gatnaşyklar arkaly agzalan ugurlardaky geljekki gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada ylalaşylandygyny, Türkmenistanyň Malaýziýanyň ykdysady modelini öwrenmäge ýykgyn edýändigini habar berdi.

“Biz Türkmenistanyň tehniki toparyny Malaýziýanyň tejribesini öwrenmek üçin, bu ýerde höwes bilen ýerleşdireris” diýip, Malaýziýanyň premýer ministri sitirlenýär.

Türkmen mediasy prezident G. Berdimuhamedowyň Malaýziýa saparynyň “özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmek” maksadyna gönükdirilendigini habar berdi we iki ýurduň arasyndaky esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa, nebit we gaz-himiýa, elektron, dokma-senagat hem azyk önümçiligini belledi. Türkmen tarapy gepleşikleriň netijesinde dokumentleriň uly toplumyna gol çekiljegini aýtdy.

8-nji noýabrda Malaýziýanyň premýer-ministriniň we Türkmenistanyň prezidentiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde taraplaryň ykdysadyýet, söwda, maliýe we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, amatly şertleri döretmäge taýýarlyk bildirendigi habar berilýär.

Malaýziýa türkmenistanly ýaşlaryň döwletiň hasabyna bilim alýan esasy ýurtlarynyň biri.

Prezident G. Berdimuhamedow Kuala Lumpura eden saparynyň dowamynda türkmen studentleri bilen duşuşdy. Türkmen mediasy G.Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş şertleri we okuwy bilen gyzyklanandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti bilen bilelikde Malaýziýa baran türkmen delegasiýasynyň wekilleriniň hem türkmenistanly studentler bilen duşuşyp, olara G.Berdimuhamedowyň awtorlygyndaky kitaplary gowşurandygyny resmi media habar berdi. Malaýziýada bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň sany barada habar berilmeýär.

Malaýziýa ikinji gezek sapar edýän Türkmenistanyň prezidenti öň ýurda 2011-nji ýylda döwlet sapary bilen bolupdy.

Malaýziýanyň premýer-ministri bolsa Türkmenistana 2011-nji we 2014-nji ýyllarda sapar edipdi.

2011-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýanyň Türkmenistanda we 2013-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Malaýziýada ilçihanasy açylypdy.

2015-nji ýylyň fewral aýynda iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda göni howa gatnawy ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG