Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Polisiýa yslamçy toparlar garşy reýdleri geçirýär


Germaniýada polisiýa yslamçy toparlar garşy reýdleri geçirýär.
Germaniýada polisiýa yslamçy toparlar garşy reýdleri geçirýär.

Germaniýanyň häkimiýetleri “Yslam döwleti” atly topary goldamakda güman edilýänlere garşy ýurduň 10 ştatyndaky metjitlere, kwartiralara we edaralara bir wagtda reýdleri geçirip başladylar.

Germaniýanyň içeri işler ministri Tomas de Maýziereniň (Thomas de Maiziere) 15-nji noýabrda beren maglumatyna görä, polisiýa Germaniýanyň günbatarynda we Berlinde 190-dan gowrak ýere reýd geçirdi we “Hakyky din” (Die wahre Religion) atly toparyň tarapdarlaryna we agzalaryna degişli resminamalary we dokumentleri ele saldy.

Bu reýdleriň çäginde hiç kim tussag edilmedi.

De Maýziere “Hakyky din” atly toparyň indi gadagan edilendigini aýdyp, onuň söweşijileri hakyna tutmak maksady bilen “ýigrenç we dildüwşük teoriýalarynyň maglumatlaryny” ýaýratmak üçin Yslamy tanatmagy bahana edip ulanýandygyny belledi.

Ministriň sözlerine görä, bu topar tarapyndan guramalaşdyrylan Gurhany paýlamak kampaniýasyna gatnaşan “ýaşlaryň 140 sanysy terrorçylykly toparlaryň hatarynda göreşmek üçin Siriýa we Yraga sapar etdiler”.

Bu mesele dogrusynda “Hakyky din” atly topar henize çenli hiç hili beýanat ýaýratmady.

XS
SM
MD
LG