Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM-niň başlygyna käýinç, prezidente at berildi, serhetçiler dowarlardan owlak-guzy alýar


Türkmen esgerleri
Türkmen esgerleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy noýabrda döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ýurduň milli howpsuzlyk ministrine, «wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ýolbaşçylyk edýän pudagynda tertip-düzgüne gözegçiligi gowşadanlygy üçin» käýinç berdi.

Ýöne resmi habarda ministriň goýberen kemçilikleri baradaky detallar aýdylmaýar.

Milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa oktýabr aýynyň başynda hem «berk käýinç» berlipdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu gezekki mejlisinde esasy üns maldarçylyk meselelerine gönükdirilenemeňzeýär. Mysal üçin, Baýramow döwlet howpsuzlyk geňeşinde beren hasabatynda öz golastyndaky edarada saýlama ahal-teke atlarynyň birnäçesiniň bardygyny we olaryň ýurtda geçirilýän ýaryşlarda gowy orunlary eýeleýändigini aýtdy.

Milli howpsuzlyk ministrinden tapawutlylykda, Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew prezidentiň «harby düzümlerde önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, hojalyk işini ösdürmek» diýilýän boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, öz ministrligine degişli gara mallaryň sanynyň 623-e ýetendigini aýtdy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Goranmak ministrliginiň hojalyklarynda 4800-den gowrak dowar idedilýär, 247 maşgaladan ybarat balarylary bar. Elbetde, Goranmak ministrliginiň düzümlerinde atçylyk hem ösdürilýär. Şonuň bilen bir wagtda, ministrligiň Ahal, Mary, Lebap welaýatlaryndaky ýyladyşhanalarynda gök ekinler we limon ýetişdirilýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu mejlisi ýurtda azyk önümleriniň gytalmagy, dükanlardaky nobatlaryň egsilmeýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de prezident, garaşsyzlyk baýramyndan öň beren tabşyryklaryny gaýtalap, Täze ýyl baýramçylygyna gabat dükanlarda azyk we senagat harytlarynyň bolçulygyny döretmek barada tabşyryk berdi.

Mundan öň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde daşardan getirilýän harytlaryň öwezini tutjak önümleri öndürmek barada mesele goýlupdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hasabat beren resmileriň gürrüňlerinden çen tutulsa, indi ýurtda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde harbylar hem uly rol oýnamaly.

Mysal üçin, ýurduň döwlet serhet gullugynyň hojalyklarynda gara mallaryň 500-e golaýy, dowarlaryň bolsa 12 müňden gowragynyň saklanýandygy aýdyldy.

Bu gulluk şu ýylyň on aýynda 52 müň kg çemesi et, 30 müň kg çemesi süýt öndürdi, dowarlardan 4689 owlak-guzy aldy diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde hem maldarçylykdan alynýan önümleriň mukdary ýokarlanýar.

Prezidente ýene at sowgat berildi

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Içeri işler ministrliginiň düzümlerine degişli maldarçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ministrligiň Adylhan atly ahal-teke aty bilen sylaglandy (Berdimuhamedowa mundan öň hem onlarça at sowgat berlipdi.).

Aýdylmagyna görä, IIM-iň täze açylan maldarçylyk toplumy şunuň ýaly iri proýektleriň ilkinjisi bolup, geljekde beýleki harby we kanun goraýjy gurluşlar üçin hem mynasyp görelde bolar.

Häzir IIM-iň gara mallarynyň sany 400-den geçdi, 70 çemesi düýesi bar. Şeýle-de ministrlik guşlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin şert döredýär.

Resmi habara görä, Içeri işler ministrligi özüni zerur bolan et-ýag, süýt-gatyk önümleri bilen üpjün eder, artykmaç önümlerini bolsa içerki bazarlarda ilata satar.

Mundanam başga, IIM-iň täze açylan toplumynda tikin sehi bolup, ol ýerde ministrligiň işgärleri üçin harby lybaslar öndüriler.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda mundan öň hem harbylaryň özlerini azyk, gök ekinler bilen üpjün etmekleri, beýleki oba hojalyk işlerinde ulanylmagy barada görkezme berlipdi.

Ýöne 2006-njy ýylyň ahyryndaöňki prezident Saparmyrat Nyýazow aradan çykanyndan soň, synçylaryň bellemegine görä, prezident Berdimuhamedow harbylaryň professional taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselesine üns berip başlady.

Emma muňa garamazdan, dünýäde energiýa nyrhlarynyň pese gaçmagy we daşardan gelýän altyn puluň azalmagy türkmen ýolbaşçylaryny Saparmyrat Nyýazowyň ýüz uran çärelerine dolaýana meňzeýär. Şonuň bilen bir wagtda, synçylar türkmen hökümetiniň ýeri döwlet eýeçiliginde saklamak, daýhanlara erk-ygtyýar bermezlik bilen, bazar ykdysadyýetine geçmegi gijikdirip gelýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG