Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: Ýer yranmasyndan soň, ýurduň demirgazyk-gündogar kenaryny sunami tolkunlary urdy


Ýaponiýa: Ýer yranmasyndan soň, ýurduň demirgazyk-gündogar kenaryny sunami tolkunlary urdy
Ýaponiýa: Ýer yranmasyndan soň, ýurduň demirgazyk-gündogar kenaryny sunami tolkunlary urdy

Ýaponiýada 6,9 bal derejesinde bolan ýer yranmasyndan soň, adalardan ybarat ýurduň demirgazyk-gündogar kenaryna sunami tolkunlary urdy diýip, resmiler aýdýarlar.

“Fukuşima” ýadro stansiýasynyň golaýynda bir metr beýikligindäki tolkunlaryň görünýändigi habar berilýär. Bu ýadro stansiýanyň 2011-nji ýyldaky sunamide weýran bolmagy dünýäniň iň ýaramaz ýadro heläkçiligine sebäp bolupdy.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy ýer yranmasynyň Tokýonyň günortasyndan hem duýulandygyny aýdýar.

Bu wakada azyndan üç adam agyr ýaralandy.

“NHK” neşiri “Beýik gündogar ýapon ýertitremesini” ýatladyp, regiondaky ýaşaýjylary beýik depelere “gyssagly gaçmaga” çagyrdy.

Bu sebiti terk etmek üçin ulaglaryň uzyn nobatlarynyň emele gelendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG