Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň sudy Morsiniň ömürlik türme tussaglygyny ýatyrdy


Muhammad Morsi.
Muhammad Morsi.

Müsüriň Ýokary sudy häkimiýetden çetleşdirilen yslamçy prezident Muhammad Morsiniň ömürlik türme tussaglygyny ýatyrdy.

Şeýle-de, 22-nji noýabrda Müsüriň Kassasion sudy 65 ýaşyndaky Morsiniň milli howpsuzlyga wehim salmak maksady bilen daşary ýurt guramalary bilen terrorçylykly hereketleri amala aşyrmak üçin dildüwşük edendigi baradaky aýyplamalar üçin gaýtadan sud edilmegini tabşyrdy.

Geçen hepde şol sud Morsiniň başga sud işi boýunça oňa garşy çykarylan ölüm jezasyny hem ýatyrypdy.

Emma muňa garamazdan, öňki prezident beýleki hökümler üçin heniz hem türme tussaglygynda saklanýar.

2012-nji ýylda Morsi Müsüriň demokratik esasda saýlanan ilkinji prezidenti bolupdy. Şondan bir ýyl soň - köçe protestleriniň yz ýany - ol ýurduň harbylary tarapyndan häkimiýetden agdarylypdy.

Morsi dessine tussag edilip, onuň “Musulman doganlygy” atly hereketi gadagan edilipdi.

XS
SM
MD
LG