Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ: Awtobus heläkçiliginde alty çaga öldi


ABŞ-nyň Tennessee ştatynda agdarylyp, çaknyşan mekdep awtobusy. 21-nji noýabr, 2016 ý.

ABŞ-nyň Tennessee ştatynda başlangyç synp okuwçylaryny alyp barýan mekdep awtobusynyň düňderilip, çaknyşmagy netijesinde iki çaga öldi we başga-da 20-ä golaýy ýaralandy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyň resmileri 21-nji noýabrda Çattanoogada awtobus agdarylyp, agaja baryp uranda, ulagda 35 çaganyň bolandygyny aýdýarlar.

Çattanooganyň polisiýa başlygy Fred Fletçer 23 çaganyň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Şeýle-de, ol awtobusyň 24 ýaşyndaky sürüjisi Jontoni Walkeriň tussaghana alnyp gidilendigini we awtotransport heläkçiligi bilen baglanyşykly bäş madda bilen aýyplanýandygyny nygtady.

Çattanooga Atlantadan 190 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG