Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp halk ses berişliginde hem öňde bolandygyny aýdýar


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, Nýu Ýork, 22-nji noýabr, 2016.
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, Nýu Ýork, 22-nji noýabr, 2016.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp 8-nji noýabrda bolan saýlawlarda onuň öz sözi bilen aýdylanda “eger bikanun ses beren millionlarça adam hasapdan aýyrylanda” halk ses berişliginde özüniň üstün çykandygyny aýtdy.

Prezident saýlanmak üçin Saýlawçylar kollegiýasynda talap edilen sesleri toplan Tramp soňky pikirini 27-nji noýabrda Twitter ulgamy arkaly öňe sürdi.

Tramp bu maglumatynda Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillari Klintonyň üstün çykan regionlarynda Wirginiýa, Nýu Hempşir we Kalifornia ştatlarynda “ses berişliklerde çynlakaý galplyklaryň” güman edilýändigini aýtdy. Emma ol öz çaklamalaryna tassyklaýjy maglumat bermedi.

Trampyň bu çykyşy Klintonyň kampaniýasynyň Wiskonsin ştatynda sesleri gaýtadan sanamak boýunça “Ýaşyllar partiýasy” tarapyndan gozgalan işe gatnaşjagyny mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Klinton halk ses berişliginde Trampdan iki million çemesi has köp ses toplady. Emma ABŞ-nyň saýlawlary Saýlawçylar kollegiýasynyň netijeleriniň esasynda kesgitlenýär.

XS
SM
MD
LG