Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam Kerimow: Olar ejemi öldürmek isleýärler


Yslam Kerimow
Yslam Kerimow

Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň agtygy Yslam Kerimow, BBС radiosyna interwýu berip, janyna abanýan howp zerarly öz ýurduna gidip bilmeýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol, babasy ýogalany bäri geçen üç aýa golaý wagt içinde ejesi Gülnara Kerimowa edilýän basyşyň mazaly güýçlenendigini, onuň henizem öý tussaglygy astynda saklanylýandygyny gürrüň berdi.

Kiçi Yslam Kerimowyň tassyklamagyna görä, ýörite gulluklar Gülnara Kerimowa çalymdaş zenany hakyna tutup, ony merhum prezidentiň gyzynyň geýnişi ýaly geýindirip, maşynly şäheriň içinde gezdirýärler.

«Ol henizem Ýahýa Gulamow köçesindäki jaýda öý tussaglygynda saklanylýar, ejemiň daşary ýurda gidenligi ýa-da şäherde gezip ýörendigi barada aýdylýanlar ýalan» diýip, merhum prezidentiň agtygy aýdýar. Ol öz ejesini öý tussaglygynda saklaýanlary «mamamyň adamlary» diýip atlandyrýar.

«Olar ejemiň boşamagyny islemeýärler, sebäbi ol boşasa, köp zadyň üsti açylar we olar köp soraga jogap bermäge mejbur bolar» diýip, babasynyň adyny göterýän agtyk öz düşen ýagdaýlaryny başga hiç kimiň düşündirip bilmejekdigini öňe sürýär.

Şeýle-de ol ejesi babatda hiç bir kanuny aýyplamanyň ýokdugyny belleýär.

Bu söhbetdeşlik habar serişdelerinde, sosial ulgamlarda Gülnara Kerimowanyň ykbaly barada giňden pikir alyşylýan wagtynda çap edildi. Yslamyň güwä geçmegine görä, 2-nji sentýabrda prezident Kerimow ýogalandan soň, sosial ulgamlarda Gülnaranyň ady bilen döredilen birnäçe hasap hakyky däl.

Öz sözlerine görä, merhum prezidentiň agtygynyň ejesi bilen görüşmek mümkinçiligi ýok we onuň ýaşaýan ýerine barjak bolan adam derrew tussag edilip, milli howpsuzlyk komitetiniň deslapky tussaghanasyna taşlanýar.

Emma ol öz 18 ýaşyndaky uýasy Imanyň aýda bir gezek ejesi bilen görüşmek mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar.

«Uýam häzir «Türküstan» myhmanhanasynda ýaşaýar, ony fewralda ejemiň ýanyndan aýyrdylar. Ol erkin gezip bilýär, emma agşam hökman şol otelde ýatmaly» diýip, kiçi Yslam BBС bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Yslamyň pikirine görä, Imany ýurtdan goýbermek isleýärler, emma ol ejesini taşlap, hiç ýere gidip bilmeýär. «Sebäbi ol gitse we ejeme bir zat bolsa, hiç kim şaýat bolup bilmez» diýip, Yslam Gülnara Kerimowa bir zat bolan ýagdaýynda, bu barada biljegiň diňe öz uýasy bolup biljegini öňe sürýär.

Kiçi Yslam BBС bilen söhbetdeşlikde ejesi bilen uýasyndan soň özüne iň ýakyn adamyň babasy bolandygyny, emma janyndan gorkusyna, ony jaýlamaga gidip bilmändigini aýdýar.

Ol, egerejesi we uýasy bilen Özbegistanda bolan bolsa,milli howpsuzlyk işgärleriniň üçüsini hem ýok etjekdiklerini, muny adamlardan iki-üç gezek eşidendigini aýdýar.

«Ejeme we uýama degilmeýändiginiň ýeke-täk sebäbi meniň daşarda bolmagym. Eger üçimizem ol ýerde bolan bolsak, bireýýäm ýitirim bolardyk. Bu barada 5-6 ýyl soň habar bererdiler. Mysal üçin, dagdan ýykyldylar ýa şuňa meňzeş bir zat diýerdiler» diýip, merhum prezidentiň agtygy BBС bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýatladýarys, Özbegistanyň Baş prokuraturasy iki ýyl ozal Gülnara Kerimowanyň korrupsiýa, guramaçylykly jenaýatçylyk we kezzapçylyk bilen bagly jenaýatlara dahyllydygyny resmi taýdan yglan edipdi. Şol beýanatdan soň Gülnara öý tussaglygyna salyndy we onuň ykbaly barada ynamdar maglumat tapylmaýar.

Bu maglumat BBС-iniň Özbek redaksiýasynyň geçiren söhbetdeşligi esasynda taýýarlanyldy.

XS
SM
MD
LG