ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp bar ünsüni ýurt dolandyrmaga bermek üçin öz biznesinden doly çekiljegini aýdýar.
"Men 15-nji dekabrda öz çagalarym bilen Nýu-Ýork şäherinde uly metbugat ýygnagyny geçirip, bar ünsümi ýurdy dolandyrmaga, Amerikany ýene-de beýik etmäge gönükdirmek üçin, öz uly biznes işlerimi doly goýjakdygymyň maslahatyny ederin» diýip, Tramp 30-njy noýabrda twitterde aýtdy.
“Meni biznes işlerimden doly çykarmak üçin kanun dokumentleri taýýarlanylýar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Diysen yerlikli bellap geçilen sozler. Sagbolun.