Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynda ýangyn boldy


Garlykda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kombinaty

Garlykda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynda ýangyn boldy.

27-nji noýabrda YouTube websaýtynda peýda bolan wideo ýazgyda önümçilik desgalarynyň ot alandygy görkezilýär. Binanda bolan ýangyna töwerekden onlarça adam, şol sanda ýörite iş geýimli we esbaply adamlar syn edýärler. Wideodaky seslerden ýangyna garşy ot söndürijileriň işleýändigine düşünse bolýar. Suw daşaýan ulaglar göze ilýär. Desganyň daş ýüzünden düşürilen pursatlarda ençeme gatly desganyň içinden daşyna gara tüssäniň çykýandygy görkezilýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşriniň websaýtynda “Seligorskiýe awtolýubiteli” kanalyna salgylanyp, salgy beren bu wideo ýazgyda ýangynyň 27-nji noýabrda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynda bolandygy aýdylýar, emma ýazgyda görkezilen desgany takyk anyklaşdyrýan maglumat göze ilmeýär.

Şol bir wagtda-da, Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynda ýangynyň bolandygyny, bu desganyň gurluşygyny amala aşyrýan “Belgorhimprom” kompaniýasy Azatlyk Radiosyna tassykladylar, emma jikme-jik maglumat bermediler.

Azatlyk Radiosyna Türkmenistandaky çeşmelerden mälim bolşuna görä, ýangyn kombinatyň uly bolmadyk bir böleginde, bunker bölüminde döräpdir, ýangyn söndürilip, onuň netijeleri aradan aýrylypdyr we işgärler iş ýerlerine goýberilipdir.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kombinaty “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň arasynda 2010-njy ýylda gol çekilen şertnamanyň esasynda belarus kompaniýalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagynda gurulýar.

Soňky ýylyň dowamynda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygynyň wagt möhletine we hasaplaşygyna degişli dawaly ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykdy.

Aşgabat Garlykda gurulýan kombinatyň ulanyşa berilmeginiň gijikmeginde, Minsk tarapyny günäledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 30-njy sentýabrda ýaýradan beýannamasynda türkmen tarapynyň Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň öňünde kombinatyň türkmen işçilerine tölenmeli aýlyklaryň gijikdirilmegi we beýleki problemalar barada anyk faktlary keserdip goýandygy habar berildi.

Mundan öň Belarus Türkmenistany Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygy boýunça boýun alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplapdy.

Belarusyň Respublika geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiçiň türkmen ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşykda aýdan sözlerine görä, Garlykda belarus işçilerine diňe maliýe päsgelçiligi däl, subýektiw häsiýetli bökdençlikler hem döredilýär diýip, belarus mediasy habar beripdi.

Şeýle-de, Belarusyň charter97.org neşiri Soligorsk magdançylarynyň mejbury ýagdaýda Türkmenistana iberilýändigini habar berdi.

Neşriň 12-nji oktýabrda çap eden maglumatynda, hususan-da, ýakyn geljekde Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň işe girizilmegini we soňra işledilmegini üpjün etmek üçin “Belaruskaliý” açyk aksioner jemgyýetiniň ýönekeý işçileriniň wahta usulynda Türkmenistana iberilmegi baradaky meselä seretjekdigini habar beripdi. "Belaruskaliniň" ýolbaşçysy I.I. Golowatynyň magdan dolandyryş kärhanasynyň işçileri bilen tapgyrlaýyn duşuşyk geçirip, başga meseleler bilen bir hatarda, Garlyk dag-magdan baýlaşdyryş kombinatyny ulanmaga bermegiň problemalary barada hem durup geçindigi, işçilerden Türkmenistandaky proekti işe girizmek bilen bagly dörän kyn ýagdaýa düşünmegi haýyş edendigi maglumatda habar berlipdi.

Türkmenistan garlykdaky kombinatda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmegi planlaşdyrýar. Bu önümçilik üçin 7 million tonna dag magdan çig malynyň talap edilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky ylalaşyga görä, umumy bahasy 1 milliard dollarlyk kombinat şertnama görä, 2015-njy ýylda gurlup gutarylmalydy.

Emma soňky resmi maglumatlarda gurluşygyň 2017-nji ýylyň martynda tamamlanjagy aýdyldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG