Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli ogullyk amerikan ene-atasyny öldürdi


Moskwa, ABŞ-nyň ilçihanasy
Moskwa, ABŞ-nyň ilçihanasy

Orsýetden ogullyk alnan ýetginjek Tehsasda ene-atasyny öldürmekde aýyplanyp tutuldy.

Krowliý şäheriniň polisiýasy 17 ýaşly Karl Breweriň polisiýa bilen 12 sagat gapma-garşylykdan soň, özüni ogullyk alan adamlaryň öýünde, göz ýaşardyjy gaz ulanmak arkaly tutulandygyny aýtdy.

Krowliý ofiserleri 29-njy noýabr güni agşam öz öýleriniň içinde ölen iki adamy, Amerikan Howaýollarynyň 60 ýaşly piloty Troý Breweriň we onuň 63 ýaşyndaky aýaly Meri Breweriň jesetlerini tapdy.

Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy Breweriň Orsýetden ogullyga alnandygyny tassyk etdi. Polisiýa ölümiň anyk sebäbini bilmeýär.

Brewerler Orsýetden jemi üç çagany ogullyga alypdyr, Karl şindem ogullyga alan ene-atasy bilen ýaşaýan ýeke çaga eken.

XS
SM
MD
LG