Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Eýrany tutulan ýazyjylary derhal boşatmaga çagyrýar


Mohammad Mokhtari bilen Mohammad Ja’far Pouyandehiň mazarlary

«Amnesty International» Eýrany 2-nji dekabrda, 18 ýyl mundan ozal öldürilen iki intellektualyň hatyrasyny tutmaga toplanan dört adamy «derhal, hiç bir gep-gürrüňsiz» boşatmaga çagyrdy.

Londonda ýerleşýän gurama bu dört adamyň Tähranyň golaýyndaky Karaj gonamçylygyna toplanan 100 çemesi adamyň arasynda bolandygyny, olaryň 1998-nji ýylda öldürilen tanymal ýazyjylarwe intellektuallar Mohammad Mokhtari bilen Mohammad Ja’far Pouyandehi hatyralandyklaryny aýdýar.

Ýatlanýan ýazyjylar Eýranyň Aňtaw ministrliginiňagentleri tarapyndan sud-soragsyz öldürilen onlarça pidanyň diňe ikisidi.

Halkara günä geçiş guramasy şaýatlara salgylanyp, hatyra agşamynda tutulanlaryň polisiýa tarapyndan gazaply urlup-enjilendigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG