Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda daşary ýurt diplomatlarynyň gatnaşmagynda weloýöriş geçirilýär


Türkmenistan, weloýörişe gatnaşyjylar
Türkmenistan, weloýörişe gatnaşyjylar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy mynasybetli 4-nji dekabrda, bu ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş gurnaldy.

Bu ýörişe Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň studentleri hem gatnaşýar.

Bu ýörişe görülýän taýýarlyk barada 2-nji dekabrda bolan hökümet maslahatynda wise-premýer, daşary işler ministri Reşit meredow habar berdi.

XS
SM
MD
LG