Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda türkmenistanly neşe söwdagärleri tutuldy


Türkmen TW-si tutulan neşeleri görkezdi. 5-nji maý, 2016

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Kartal diýen ýerinde bir öýde geçirilen operasiýada 50 kilogram beň we 350 gram hem geroin tapyldy.

Operasiýada ol öýde ýaşaýanlaryň Türkmenistanyň raýatlary - 54 ýaşyndaky G. K. atly zenan bilen 24 ýaşyndaky A.A. we 32 ýaşyndaky J.A. dagydygy anyklandy.

Türk metbugatynda ýaýradylan maglumatda aýdylmagyna görä, Stambul polisiniň neşä garşy göreş bölüminiň işgärleri Gaziosmanpaşa etrabynda bir wagtyň özünde dürli nokatlara operasiýa gurnaýar.

Ondan soň, göz astyna alnanlaryň beren maglumatyna görä, Kartal diýen ýerde neşe söwdasyny edýändigi aýdylan migrantlaryň ýaşaýan öýüne geçirilen reýd mahalynda 50 kilogram beň, 350 gram geroin, 3 sany neşe terezisi bilen bilelikde dürli görnüşde 10 sany salýut tapylýar.

Neşe söwdagärlerine garşy gurnalan operasiýa başyndan ahyryna çenli polis tarapyndan wideo surata düşürilip, soň metbugatyň üsti bilen halka görkezildi.

Operasiýada neşe aňtawçy ýörite tälimli itleriň hem ulanylandygy görünýär.

Wideoda polisleri gören bir migrant haýatdan böküp gaçmaga synanşan mahaly ele salyndy. Polis kamerasynda olaryň ýaşan öýünde saklanan neşe maddalarynyň haltalarynyň gizlenen ýerinden tapylyp çykarylandygy göze ilýär.

Gynansagam, Azatlyk Radiosyna degişli taraplardan Stambulyň Kartal diýen ýerinde bir öýde ýaşap, neşe söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýan türkmen raýatlary G. K. atly zenan bilen A.A. we J.A. dagy barasynda jikme-jik maglumat almak başartmady.

Stambulyň sülçüligi bolsa, neşe söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanyp tussag edilen türkmenistanly migrantlaryň iki sanysynyň azatlykdan mahrum edilmegi barasynda karara gelipdir.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, Türkmenistanda 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet çalşanyndan soň, ýurtda giň ýaýran neşekeşligiň badynyň gaçandygy, neşe söwdasynyň tasdan öňüniň alnandygy aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmen telewideniýesi golaýda il içinde tanymal bolan bir aýdymçynyň özüni neşekeşlikde ýazgaryşyny görkezdi.

Türk metbugatynda hem Türkiýäniň dürli ýerinde neşe söwdasyny etmekde aýyplanýan türkmen raýatlarynyň ele salynýandygy barasynda yzgiderli maglumat berilýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG