Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama hakda kinofilm surata düşürildi


ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Obama.

"Netflix" atly telekanal özüniň YouTube saýtyndaky sahypasynda täzelikde surata düşürilen "Barry" atly kinofilminiň treýlerini halk köpçüligine hödürledi.

Bu kinofilmde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 44-nji prezidenti bolan Barak Obamanyň durmuşy suratlandyrylýar.

Kinofilm ýaşka dostlarynyň arasynda "Barry" diýen lakam göteren Obamanyň 1981-nji ýylda, ýagny 20 ýaşynda Nýu-Ýorka gelip, Kolumbiýa uniwersitetine girmegi bilen başlaýar.

Obama jenaýatkär toparlaryň we milletparazlygy ýaýradýanlaryň agdyklyk edýän jemgyýetinde düýpgöter tapawutly sosial toparlaryň arasyna aralaşypdyr. Ol kanzasly ejesi we keniýaly kakasy bilen student ýoldaşlarynyň arasynda utgaşykly deňagramlylygy ýola goýmaga ürç edipdir.

Kinofilm 2016-njy ýylyň 16-njy dekabrynda halk köpçüligine hödürlener. Onda esasy rollary Jason Mitchell, Ashley Judd, Jenna Elfman, Ellar Coltrane, Avi Nash we Linus Roache dagy ýerine ýetirýärler. Kinofilmiň esasyny goýan bolsa Vikram Gandhidir.

XS
SM
MD
LG