Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi


Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabarlaryň biri.
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabarlaryň biri.

Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň (UNESCO) maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu karar 30-njy noýabrda Efiopiýada Birleşen Milletler Guramasynyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň geçiren mejlisinde kabul edildi.

“Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup myhmançylyga barýarlar, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar we köpçülikleýin dabaralary guraýarlar” diýlip, Türkmenistanyň resmi mediasynda ÝUNESKO-nyň maglumatyna salgylanyp habar berilýär.

Nowruz baýramy Azerbaýjan, Owganystan, Hindistan, Eýran, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletlerde baharda – 21-22-nji martda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG