Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, gyrgyz neşirleri habar berýärler.
Türkmen daşary işler ministri Raşid Meredow we onuň gyrgyz kärdeşi Erlan Abdyldaýew 4-nji dekabrda Hindistanyň Amritsar sebitinde geçirilen “Aziýanyň kalby – Stambul prosesi” atly konferensiýanyň çäginde duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hökümetara komissiýanyň we normatiw-hukuk bazalarynyň giňeldilmegi netijesinde ösdürip bolar diýdiler.
Şeýle-de, Abdyldaýew Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlupdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.