Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýol nyrhlary iki esse gymmatlady


“Dollar gymmatlandan soň ulag şaýlarynyň bahalary hem iki esse dagy galdy".

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda soňky iki aýyň içinde etraplaryň arasyndaky hususy ulag gatnaw nyrhlary tas iki esse diýen ýaly ýokarlandy.

Mundan öň, ýurduň demirgazyk welaýatynyň etraplarynyň merkezi bilen içindäki obalarynyň arasyndaky ýol kireýleri 2-3 manat aralygynda bolsa, häzir olar 4-5 manada çykdy.

Mundan iki aý ozal Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjylary welaýat merkezine çenli tölän 10-15 manadynyň deregine indi 30 manada çenli çykarmaly bolýarlar. Şeýle-de, köneürgençliler Daşoguz şäherine çenli aralyga ozalkylar ýaly 5-7 manada derek, 20 manat töwereginde pul harçlaýarlar.

Daşogzuň şäherdir obalarynyň arasynda ýolagçy gatnadýan hususy ulaglaryň nyrhlarynyň iki esse çemesi ýokarlanmagy, welaýatdaky şäherara awtobuslaryň pagta ýygym kampaniýasyna çekilmegi bilen düşündirilýär.

Bu günler uzak obalaryň arasyndaky ýeke-täk jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslar şähere ýolagçylary däl-de, ýygymçylary gowaça meýdanlaryna gatnatmak bilen meşgul. Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, eýýäm üç aýdan bäri welaýatyň etrapdyr şäherleriniň arasynda gatnaýan döwlet awtobuslaryna gözüň düşmeýär.

Beýle ýagdaýyň bolsa, adaty ýolagçylar bilen birlikde, has-da köp etraplardan welaýat merkezine gatnap işleýänlere özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär.

“Döwletiň awtobuslary gatnamaýar. Hususy ulaglara münmekden başga alajymyz ýok. Alýanja aýlygymyz ýol kireýine-de ýetjek däl” diýip, özüniň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly ildeşlerimiziň biri aýdýar.

Şol bir wagtda, hususy ulag eýeleri bahalaryň ýokarlanmagyna diňe bir döwlet transportynyň gatnawyndaky bökdençlikleriň däl-de, eýse dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň artmagynyň hem täsir ýetirýändigini belleýärler.

“Dollar gymmatlandan soň ulag şaýlarynyň bahalary hem iki esse dagy galdy. Biziň nyrhlary ýokarlandyrmakdan başga alajymyz ýok” diýip, Köneürgençden welaýatyň beýleki sebitlerine ýolagçy gatnadýan hususy ulag eýesi gürrüň berdi.

Galyberse-de, türkmen emeldarlary, şol sanda prezidentiň özi hem döwlet mediasy arkaly ýurtdaky ulag pudagynyň ösüşine uly ähmiýetiň berilýändigini dowamly tekrarlaýarlar. Bu sözleriň fonunda, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden adamlaryň gatnaw meselesinde uly kynçylyklary çekýändigi barada, Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG