Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” türkmen gazyny “häzirlikçe almagy planlaşdyrmaýar”


“Gazprom”
“Gazprom”

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy türkmen gazyny ýaňadandan satyn alyp başlamagy häzirlikçe göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy. Bu barada holdingiň ýolbaşçysynyň orunbasary Waleriý Golubýew mälim etdi.

Žurnalistleriň beren degişli soragyna ol “häzirlikçe ýok” diýip, jogap berdi.

Mundan öň, “Gazprom-eksport” kärhanasy şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny satyn almagy togtadýandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG