Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady


7-nji dekabrda Pakistanda heläkçilige uçran ýolagçy uçary.

Pakistanyň demirgazygynda 47 ýolagçyly uçar heläkçilige uçrady diýip, hökümet we Pakistanyň Halkara howaýollary kompaniýasy resmileri aýdýarlar.

Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň ýokary derejeli polisiýa resmisi Laik Şahyň aýtmagyna görä, Pakistanyň Halkara howaýollary kompaniýasynyň uçary 7-nji dekabrda Hawelin şäherçesiniň golaýynda ýere gaçdy. Bu şäherçe Yslamabadyň 70 kilometr demirgazygynda ýerleşýär.

Halas ediş gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde derňew işlerini geçirýärler, ýolagçylaryň arasynda aman galanlarynyň bolup-bolmandygy barada heniz maglumat ýok diýip, resmiler bellediler.

“PK-661” gatnaw belgili uçar ýurduň demirgazygyndaky Çitral şäherinden Yslamabada dolanýan mahaly, howa gatnawyna gözegçilik edýän gulluk bilen arabaglanyşygyny ýitirdi diýip, Pakistanyň Halkara howaýollary kompaniýasy aýdýar.

Ýerli media serişdeleriniň maglumatynda uçarda jemi 47 sany ýolagçynyň, şol sanda ekipaž agzalarynyň bolandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG