Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: Ok atyşygyň wagtlaýyn bes edilendigi aýdylsa-da, hüjümler dowam edýär


Siriýaly hökümete tarapdar güýçler.
Siriýaly hökümete tarapdar güýçler.

Siriýanyň hökümet güýçleri we olaryň ýaranlary günorta Alepponyň pitneçileriň kontrollugyndaky territoriýalarynda hüjümlerini dowam etdirýärler.

9-njy dekabrda wakanyň şaýatlary we gözegçiler, mundan bir gün ozal Russiýa parahat ilatdan adamlaryň ewakuasiýa edilmegi üçin hüjümleriň wagtlaýyn togtadyljakdygyny mälim etse-de, pitneçileriň nokatlaryna garşy hüjümleriň we howa zarbalarynyň amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Düýbi Türkiýede ýerleşýän “Jabha Şamiýa” atly pitneçi toparyň metbugat wekili “Reuters” habar agentligine beren maglumatynda: “Dikuçarlar, uruş uçarlary we raketa atmak öňki günlerdäki ýaly dowam edýär. Hiç zat üýtgemedi” diýdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy hem, 9-njy dekabrda daňdan we irden hökümet güýçleriniň raketa hüjümlerini amala aşyrandygyny habar berdi.

“Resuters” neşiriniň Aleppodaky žurnalistleri ýarym sagadyň dowamynda dokuz howa zarbasynyň sesi eşidildi diýdi.

Bu aralykda, 9-njy dekabrda Moskwada Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky hökümete garşy pitneçileri ýarag bilen üpjün etmek meselesini ýeňilleşdirmek baradaky karary dogrusynda aladalanma bildirdi.

XS
SM
MD
LG