Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy žurnalistiň türme tussaglygyny öz güýjünde galdyrdy


“Gazak žurnalistler birleşiginiň” öňki başlygy Seitkazy Mataýew we onuň ogly Aset Mataýew.
“Gazak žurnalistler birleşiginiň” öňki başlygy Seitkazy Mataýew we onuň ogly Aset Mataýew.

Gazagystanyň sudy “Gazak žurnalistler birleşiginiň” öňki başlygy Seitkazy Mataýewe we onuň ogly Aset Mataýewe garşy çykarylan türme tussaglygyny öz güýjünde galdyrdy.

9-njy dekabrda Astana şäher sudy olaryň şikaýatyny ret edip, türme tussaglyklarynyň üýtgewsiz öňküligine galýandygy barada karar çykardy.

Şu ýylyň oktýabr aýynda 61 ýaşly Seitkazy Mataýew salgyt galplygynda we bidüzgünçilikde günäli tapylyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

“KazTAG” atly hususy habar agentliginiň direktory Aset Mataýew bidüzgünçilikde günäli tapylyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Olaryň ikisi hem bu aýyplamalary ret edýärler. Adam hukuklaryny goraýan toparlar hem, Seitkazy Mataýewiň Žurnalistler birleşiginiň başlygy hökmünde eden işine gaýtawul hökmünde toslama aýyplamalar esasynda sud edilendigini aýtdylar.

Seitkazy Mataýewiň aýaly Baýan Ramazanowa suduň çykaran kararyny ýene şikaýat etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG