Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda Gülen bilen ilteşikli diýilýänlere basyş dowam edýär


Türk ruhanysy Fethullah Gülen

Türkmenistanda türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi aýdylýan adamlaryň onlarçasynyň tussaglykda saklanýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Bu barada “Eurasianet” neşiri türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilenleriň maşgala agzalaryna we dostlaryna salgylanyp maglumat berýär.

“[Howpsuzlyk gulluklary Güleniň hereketi bilen ilteşigi bardygy aýdylýan] adamlary 30-40 gün tussaglykda saklaýar. Olar tä başga biriniň adyny berýänçäler dürli gynamalara sezewar edilýärler. Ondan bärde gözenekden çykjak gümanyň ýok” diýip, şu ýagdaýlara düşenleri ýakyndan tanaýan daşary ýurtdaky türkmen talyplarynyň biri “Eurasianet” neşirine gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, türk hökümetiniň şu ýylyň 15-nji iýulynda başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethullah Güleniň durandygyny öňe sürüp, ýurtda bu hereket bilen ilteşiklidir öýdülýänleri arassalamak kampaniýasyna başlaly bäri, Türkmenistanda hem Güleniň hereketine dahyllydyr çak edilýänlere her dürli basyşlar başlandy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hem köp sanly maglumatlar gelip gowşupdy. Iň azyndan iki çeşme tutuş ýurt boýunça 150-den gowrak adamyň tussag edilendigini; olaryň esasan türkmen-türk okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň öňki işgärleridigini gürrüň berdi.

"Merdem" dynç-alyş merkezi
"Merdem" dynç-alyş merkezi

Tussag edilenleriň arasynda ýurtdaky iri telekeçileriň ençemesiniň, şol sanda Abadan şäherindäki türk mekdebiniň öňki müdiri 41 ýaşly Begmyrat Rejepowyň, Aşgabatda “A Group” toparyna degişli “A Market” şirketiniň başlygy 40 ýaşly Döwlet Ataýewiň, “Merdem” dynç alyş merkeziniň we "Alpet" restoranynyň ýolbaşçysy Resul Atageldiýewiň atlary geçýär.

Resul Atageldiýew. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi suratdaky şahsyýetiň Resul Atageldiýewdigini aýdýar.
Resul Atageldiýew. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi suratdaky şahsyýetiň Resul Atageldiýewdigini aýdýar.

Bu tutha-tutlukdan soň, Türkmenistanda Güleniň hereketi bilen nähilidir bir gatnaşygy bolan telekeçileriň ençemesiniň ýurduň daşyna çykandygyna üns çekilýär.

“Eurasianet” neşiri bilen söhbetdeş bolan türkmen telekeçisi, türkmen-türk mekdebiniň uçurymy Kömek Geldiýew ýokarky ýagdaýlaryň öz başlaryna hem gelmeginden howatyr edip, ýurdy terk edendiklerini gürrüň berdi.

“[Oktýabrda] biziň dostlarymyzy ýygnap başlanlaryndan soň, biz howpsuzlyk gulluklarynyň bizi hem tutmagyndan howatyr edip, ýurduň daşyna çykdyk. Ýagdaý bu durkuna dowam etse, Türkmenistandan entek çykjak köp bolar” diýip, Geldiýew “Eurasianet” neşirine gürrüň berdi.

Häzir daşary ýurtda okap ýören türkmen talyp gyzlarynyň biri hem, özüniň Güleniň mekdebini gutaran telekeçi doganynyň oktýabryň başynda tussag edilendigini “Eurasianet” neşirine aýdypdyr.

Talyp gyz doganyny tussaglykda göreninde “onuň ýüzünde we bedeninde gynamalara sezewar edilendiginiň alamatlarynyň görnüp durandygyny” belleýär. Ol doganyna aklawçynyň berilmändigini aýdyp, “bu ýurtda hiç hili kada-kanunyň ýokdugyny” hem sözüniň üstüne goşýar.

Bu tutha-tutluklaryň fonunda häzir Aşgabadyň iň iri söwda merkezleriniň biri “Ýimpaş söwda merkeziniň”, şeýle-de “Ýimpaş Täjirçilik merkeziniň” ýumruljakdygy dogrusynda ynamdar çeşmelerden maglumatlar gowuşýar.

Belläp geçsek, bu kompaniýanyň ýolbaşçylar geňeşiniň müdiri Dursun Uýar geçmişde Güleniň hereketiniň tarapdarydy. Şeýle-de, öz döwründe “Ýimpaş Holding” Güleniň hereketiniň gözegçiligindäki türkmen-türk okuw jaýlaryna maddy kömegini berýärdi.

"Ýimpaş täjirçilik merkezi"
"Ýimpaş täjirçilik merkezi"

Bu mekdepler 1993-nji ýylda açylyp, olaryň ählisi 2011-nji ýyla çenli ýapylypdy. Şeýle-de, şu ýyl 1994-nji ýylda bilim berip başlan Aşgabatdaky Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti hem ýapylypdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bardygy diýilýänleriň köpçülikleýin ýagdaýda tussaglyga alynmagy dogrusynda häzirlikçe hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.

Şol bir wagtda, Woodrow Willson merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Wiktoriýa Klement “Eurasianet” neşirine “Ýakynda Erdogan türkler we türk mekdepleri dogrusynda käbir bellikleri edipdi. Netijede, indi türkmen häkimiýetleri bu okuw jaýlaryny gutaranlary hökümet işine almaga çekinýär, şeýle-de, häzir hökümetiň düzüminde işleýänlere habardarlyk bilen çemeleşýär” diýen pikiri orta atdy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG