Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Obama kiber hüjümlerini derňemegi buýurdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

Ak tam ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň geçen prezident saýlawlary mahalynda edilen kiber hüjümlerini derňemegi tabşyrandygyny aýtdy.

Waşington bu hüjümleri Orsýetden görüpdi. Obama ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň bu derňewiň netijeleri baradaky hasabaty 20-nji ýanwardan, Ak tamy saýlanan prezident Donald Trampa galdyrmazyndan öň taýýar etmegini buýurdy.

Tramp bu kiber hüjümlerini Orsýetiň gurandygyna şübhe bildirýär we kampaniýa mahalynda rus prezident Wladimir Putiniöwdi.Derňelýän kiber hüjümlerinde ABŞ-nyň Milli demokratik komiteti we prezidentlige kandidat Hillari Klintonyň esasy kömekçisi nyşana alyndy.

ABŞ hökümeti demokratik partiýanyň resmilerine edilen kiber hüjüminde Orsýetiň hökümetini günäledi. Obamanyň ýurt içindäki howpsuzlyk geňeşçisi Lisa Monako 9-njy dekabrda žurnalistlere derňew netijeleriniň kanun çykaryjylara we jemgyýetçilige görkeziljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG