Türkmenistanda ýörite operasiýalar netijesinde ele salnan neşe maddalary otlandy.
TDH-nyň maglumatyna görä, 10-njy dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat posýologynyň golaýynda kanun goraýjy işgärleriň we harby gullukçylaryň geçiren ýörite operasiýalary wagtynda tutulyp alnan neşe maddalaryny, çilimleri we beýleki aňa ýaramaz täsir ýetirýän zatlary ýakyp-ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi.
Bu çärä ýerli ýolbaşçylaryň, Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik missiýalarynyň wekilleriniň hem gatnaşandygy aýdylýar, emma näçe mukdardaky neşäniň ýakylandygy anyklaşdyrylmaýar.
Türkmenistan dünýädäki neşe maddalarynyň 90 prosentine golaýyny öndürýän Owganystanyň duldegşir goňşusy we garaşsyzlyk ýyllarynda neşekeşlik we neşe söwdasy giň ýaýrady.
Resmi Aşgabat soňky ýyllarda bu sosial hadysa garşy berk çäreleriň görülýändigini aýdýar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?