Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Stambulda partlan goşa bomba 38 adamy öldürdi


Stambul partlamasy

Stambulda partlan goşa bomba 38 adamy öldürip,166 adamy ýaralady diýip, türk hökümeti aýdýar.

Türkiýe bir ulag bombasy polisiýanyň maşynyna urup, janyndan geçen bombaçy 10-njy dekabrda iki sany türk komandasynyň arasynda bolan futbol ýaryşyndan iki sagat soň özüni Stadionyň daş işiginde partladanyndan soň, milli ýas gününi yglan etdi.

Ölenleriň 30 sanysy polisiýa ofiseri diýip, içeri işler ministri Suleýman Soýly 11-nji dekabrda aýtdy we güman edilýän 13 adamyň saklanandygyny habar berdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň edarasy onuň 11-12-nji dekabrda Gazagystana planlaşdyrylan saparynyň ýatyrylandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG