Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kair partlamasynda azyndan 20 adamy öldi


Müsüriň koptik hristianlary ýurduň ilatynyň 10 prosent çemesini düzýär. 

Kairiň koptik soborynda bolan partlama azyndan 20 adamy öldürip, 35 adamy ýaralady diýip, müsürli resmiler aýtdylar.

Müsüriň resmi MENA habar gullugynyň maglumatyna görä,11-nji dekabrdaky partlama bir hüjümçiniň goňşulykdaky merhemetli Piter ybadathanasyndan sobora zyňan bombasy sebäp bolupdyr.

Merhemetli Mark sobory Müsüriň prowaslaw ybadathanasynyň rezidensiýasy bolup, onuň ruhy lideri papa Tawadros II hem şol ýerde ýaşaýar.

Müsüriň koptik hristianlary ýurduň ilatynyň 10 prosent çemesini düzýär.

Bu partlama Kairde bir barlag nokadynda ýarylan bomba alty sany polisiýa ofiserini öldüreninden bir gün soň boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG