Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda konstitusiýa referendumy geçirilýär


Prezident Almazbek Atambaýew (S) ses berýär. Bişkek, 11-nji dekabr, 2016
Prezident Almazbek Atambaýew (S) ses berýär. Bişkek, 11-nji dekabr, 2016

Gyrgyzystanda esasy ygtyýarlyklary prezidentden premýer-ministre geçirjek we şol bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagyny bikanun etjek konstitusiýa referendumy geçirilýär.

Esasan musulmanlarden durýan respublikanyň saýlawçylary ýekeje «hawa» ýa-da «ýok» diýen söz bilen 26 sany düzediş teklibini öz içine alýan paketi ýa goldap, ýa-da ret edip bilýärler.

Hökümet tarapyndan goldalýan referendum, başga zatlar bilen bir hatarda, käbir jenaýatlar boýunça çäklendiriji düzgünleri hem aýrar we häkimiýetlere käbir işlerde ýurt raýatlygyny ýatyrmak hukugyny-da berer.

Saýlaw resmileri ýerli wagt bilen öýlän sagat 6-da ses berişlige gatnaşýanlaryň hasaba alnan saýlawçylaryň 30 prosentden gowragy bolandygyny, ýagny onuň kanunylygy üçin talap edilýän adam sanyndan geçendigini aýtdylar.

Ishak Masaliýew, Onuguu-Progres partiýasynyň wekili Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna syýasy partiýalaryň sesleri satyn almaga ýüz urandygyny aýtdy. «Ynamdar adamlaryň aýtmaklaryna görä, her ses üçin 500-den1000 soma çenli pul ($7-$14) hödürlendi” diýip, ol aýtdy.

Içeri işleri ministriniň orunbasary Almaz Orozaliýew metbugat ýygnagynda çykyş edip, paýtagtda Bişkekde şeýle işleriň 3-siniň, demirgazykda Çuý regionynda hem ikisiniň habar berlendigini aýtdy.

Gyrgyzystanda pikir soramalar az geçirildi, emma gyrgyz häkimiýetleri 1991-nji ýyldan bäri geçirilen alty referenduma gatnaşygyň ýokary bolandygyny we olardaky teklipleriň aglaba köplügiň goldawyny tapandygyny aýdýarlar.

Bu gezekki referendumda iň gapma-garşylykly düzedişler ýurduň prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň gowşadylyp, premýer-ministriň ygtyýarlyklarynyň güýçlendirilmegi bilen bagly.

Bir düzediş teklibine görä, premýer-ministr, parlamentiň tassyklamagy bilen, ministrler kabinetiniň agzalaryny belläp we aýryp biler. Bu ygtyýar häzir prezidente degişli.

Başga bir teklibe görä bolsa, premýer-ministr ýerli geňeşiň tassyklamagyna garaşmazdan, ýerli adminstrasiýa başlyklaryny hem işden aýyrmaga ygtyýarly ýaly bolup görünýär.

Konstitusiýanyň 64-nji maddasyna laýyklykda, düzediş teklibi indi prezidentiň Goranmak geňeşiniň başlygy bolmajakdygyny görkezýär.

Teklip edilýän düzedişler Gyrgyzystanda bu referendum prezident Almazbek Atambaýewe, ýedi ýyllyk prezidentlik möhleti tamam bolandan soň, häkimiýetde galmak ýa-da täsirini saklamak mümkinçiligini bermek üçin edilýän bolmasyn diýen şübheleri güýçlendirdi.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada bir möhlet prezidentli ýeke-täk ýurt bolup durýar.

60 ýaşyndaky Atambaýew prezidentligi tamam bolanyndan soň syýasy wezipe eýelemäge, şol sanda premýer-ministr bolmaga hem çalyşmajakdygyny açyk aýtdy. Emma käbir gyrgyz syýasatçylary onuň sahnanyň arkasynda güýçli rol oýnamaga çalyşmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Atambaýew öz syýasy ömrüni uzaltmak üçin «diýeninden çykmajak gurjak premýer-ministr bellemek isläp biler» diýip, bişkekli synçy Edil Baisalow aýdýar.

Atambaýewiň Social-Demokrat partiýasy parlamentdäki dolandyryjy koalisiýada, 120 orunly Ýokary geňeşde öňdeligi saklaýar.

Gyrgyzystan 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri üç gezek täze konstitusiýa kabul etdi.

Ilkinji post-sowet konstitusiýa 1993-nji ýylda kabul edildi, ikinjisi 2007-nji ýyldaky referendumda geçirildi.

Häzirki Baş kanun bolsa 2010-njy ýyldaky referendum arkaly tassyklandy we parlamente kän ygtyýarlyk berip, prezidentiň häkimiýetini gowşatmak bilen, formal taýdan ýurduň syýasy sistemasyny üýtgetdi.

XS
SM
MD
LG