Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" Türkmenistan bilen harytlaryň tranziti boýunça şertnama baglaşmaga taýýardygyny aýdýar


Owganystandaky “Talyban” dolandyryjylarynyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nooruddin Azizi
Owganystandaky “Talyban” dolandyryjylarynyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nooruddin Azizi

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary harytlaryň tranziti boýunça Türkmenistan, Russiýa we Pakistan bilen şertnama baglaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada “Talyban” dolandyryjylarynyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Nooruddin Azizi yglan etdi. Ol munuň bu ýurtlar we Günorta Aziýa yklymyndaky döwletler bilen söwdanyň ösmegine itergi berjekdigini hem belledi diýip, Russiýanyň TASS gullugy 15-nji maýda habar berdi.

Azizi bu barada Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagtynda geçýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde çykyş etdi.

14-19-njy maý aralygynda geçýän bu foruma gatnaşmak üçin, 15-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Kazana geldi.

Aşgabadyň “Talybanyň” öňe süren teklibi boýunça reaksiýasy mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG