Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Kürtlere tarapdar partiýa garşy geçirilen reýdlerde azyndan 100 adam tussag edildi


10-njy dekabrda Stmabuldaky stadionyň daşynda bolan partlama.
10-njy dekabrda Stmabuldaky stadionyň daşynda bolan partlama.

Türk polisiýasynyň Kürt Halk demokratik partiýasynyň resmilerine garşy geçirilen reýdlerde 118 adamy tussag edendigi habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentliginiň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän adamlar Kürdistan Işçiler partiýasy (PKK) bilen ilteşigi bolmakda güman edilip, 12-nji dekabrda Türkiýäniň dürli künjeginde geçirilen reýdleriň dowamynda ele salyndylar.

Bu hereket, PKK-nyň “Kürdistan Erkinlik laçynlary” (TAK) atly şahamçasy 10-njy dekabrda Stambuldaky stadionyň daşynda bolan goşa partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne almagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol partlamalarda 38 adam öldi.

“Kürdistan Erkinlik laçynlary” atly guramanyň öňe sürmelerinden soň, türk uruş uçarlary Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde ýerleşýän PKK nokatlaryna howa zarbalaryny amala aşyrdy diýlip, Türkiýäniň armiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG