Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz ses berijileri konstitusiýa üýtgetmeleri girizmegi goldady


Gyrgyz zenany referendumda ses berýär. 11-nji dekabr, 2016 ý.
Gyrgyz zenany referendumda ses berýär. 11-nji dekabr, 2016 ý.

Gyrgyzystanyň saýlaw resmileri ses berijileriň aglaba köplüginiň baş kanuna girizilmegi teklip edilen düzedişleri goldap ses berendigini aýdýarlar. Bu düzedişlerde jynsdaş adamlaryň nikalaşmagyna gadagançylyk girizmek we prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny premýer-ministre geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ilaty esasan musulmanlardan durýan öňki sowet respublikasynda 11-nji dekabrda ses berijileriň “hawa ýa ýok” diýip oňlamagy ýa-da ret etmegi soralan 26 sany teklip şu iki soragy-da öz içine alýar.

Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawa hukukly ilatyň 42 prosentden gowragynyň referenduma gatnaşandygyny we ses berijileriň 80 prosentiniň teklipleri goldandygyny habar berdi.

Referendumda galplygyň bolandygy barada hem gowşan habarlar ýok däl.

“Onuguu” partiýasynyň wekili Ishak Masaliýew Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna syýasy partiýalaryň sesleri satyn almaga ýüz urandygyny aýtdy. Ol “Ynamdar adamlaryň aýtmaklaryna görä, her bir ses üçin 500 somdan 1000 soma çenli pul ($7-$14) teklip edilipdir” diýdi.

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Içeri işler ministriniň orunbasary Almaz Orozaliýew paýtagt Bişkekde şeýle wakalaryň 3-siniň, demirgazykda Çuý regionynda hem ikisiniň bolandygy barada habar berlendigini bildirdi.

Saýlaw uçastoklarynyň daşy

“Raýat kontrollygy komiteti” atly hökümete degişli däl guramanyň agzasy Dinara Oşurahunowanyň aýtmagyna görä, tutuş ýurtda saýlaw uçastoklarynyň daşynda mugallymlar ýerleşdirilipdir. Olar ses bermäge gelen adamlaryň adyny ýazyp alypdyrlar. Şeýle hem studentler we olaryň ene-atlary hem ses bermäge çagyrylypdyr.

Dinara Oşurahunowa bu häkimiýetleriň gerekli sesleri almak üçin hökümet resurslaryndan bikanun peýdalanandygyny görkezýär diýýär.

Jemgyýetçiligiň ünsüni giňden özüne çeken nikanyň erkek bilen aýal arasyndaky bileleşik diýip definirlenmegi boldy.

Ozal hem bu barada teklip edilen bir kanun taslamasy bar. Parlament tarapyndan oňlanan bu taslamada “gomoseksual ýaşaýyş usulyny” we “däpden çykma jynsy gatnaşyklary” ösdürýänlere agyr jezalar göz öňünde tutulýar. Bu kanun parlamentden geçse-de, entek doly makullanyp, güýje girenok.

Gyrgyzlaryň arasynda ne şol bir jynsdan bolan adamlaryň nikalaşmagy halanýar, ne-de gomoseksuallyk. Bu işi käbir musulman ruhanylar, şeýle hem oňa ýurda import edilen Günbatar gymmatlyklary diýip garaýan milletçi toparlar ýazgarýarlar.

Paýtagt Bişkekde geý we feministleriň hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar ýok däl. Olar sosial ulgamlarda iş alyp barýarlar. Şäherde şeýle hem käbir geý we lesbian kafe hem barlar bar.

Düzedişler

Referendumda teklip edilen düzedişleriň iň jedellisi ýurduň prezidentiniň ygtyýarlyklaryny gowşadyp, premýer-ministriň ygtyýarlyklaryny güýçlendirmekdir.

Ýene bir düzediş boýunça premýer-ministr parlamentiň tassyklamagy bilen ministrler kabinetiniň agzalaryny belläp we aýryp bilýär. Bu ygtyýar häzir prezidente degişli.

​Başga bir teklipde bolsa, premýer-ministr ýerli geňeşiň tassyklamagyna garaşmazdan, ýerli administrasiýa başlyklaryny işden aýyrmaga ygtyýarly ýaly bolup görünýär.

Konstitusiýanyň 64-nji maddasyna girizilýän düzedişe laýyklykda prezident indi Goranmak geňeşine ýolbaşçylyk edip bilmeýär.

Teklip edilen düzedişler Gyrgyzystanda käbir adamlaryň arasynda bu referendum prezident Almazbek Atambaýewe, ýedi ýyllyk prezidentlik möhleti tamamlanyndan soňra-da häkimiýetde galmaga ýa-da azyndan täsirini saklamaga mümkinçilik bermek üçin geçirilýär diýen şübhäni güýçlendirdi.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada bir möhlet prezidentli ýeke-täk ýurt bolup durýar.

"Bir oýnatgy premýer-ministri oturtmak”

60 ýaşly Atambaýew prezidentlik möhleti tamamlanansoň syýasy orny eýelemäge, şol sanda premýer-ministrlik wezipesini almaga hem synanyşmajakdygyny açyk aýtdy. Emma gyrgyzystanly käbir syýasy analizçiler onuň sahnanyň arkasynda güýçli rol oýnamagy maksat edinmegi ähtimal diýýärler.

Bişkekli synçy Edil Baisalowyň pikiriçe, Atambaýewiň “syýasy ömrüni uzaltmak üçin bir oýnatgy premýer-ministri oturtmagy” mümkin.

Öňki kanun çykaryjy Bakyt Beşimow “bir prezidentiň möhleti tamam bolanyndan soňra özüniň syýasy mirasynyň geljegi hakda oýlanmazlygy özüni öldürmek” bilen deň diýýär.

Atambaýewiň Social-Demokratik partiýasy häkimiýet başyndaky koalisiýa parlamentde, ýagny 120 orunly Ýokary geňeşde ýolbaşçylyk edýär.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň garaşsyz bolan Gyrgyzystan şondan bäri üç gezek täze konstitusiýa kabul etdi.

Ilkinji post-sowet konstitusiýa 1993-nji ýylda kabul edildi, ikinjisi hem 2007-nji ýyldaky referendum bilen güýje girdi.

2010-njy ýylda geçirilen referendum arkaly tassyklanan häzirki baş kanun bolsa, parlamentiň ygtyýarlylygyny köpeldip, prezidentiň gudratyny çäklendirmek bilen ýurduň syýasy düzgünini formal taýdan üýtgetdi.

XS
SM
MD
LG