Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tramp bilen 20-nji ýanwardan öň duşuşmajakdygyny duýdurdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp bilen 20-nji ýanwarda geçiriljek prezidentlige kasam ediş dabarasyndan öň duşuşmazlygynyň mümkindigini aýtdy.

Putiniň ýapon media serişdesine beren interwýusy 13-nji dekabrda Kremliň websaýtynda çap edilip, onda rus prezidenti özüniň Tramp bilen “islendik wagty duşuşmaga taýýardygyny” aýtdy.

Emma şol bir wagtda, ol “meniň pikirimçe, täze saýlanan prezidente öz administrasiýasyny düzmegi we wezipesine girişmegi üçin wagt, mümkinçilik bermek zerur” diýdi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Tramp eger prezidentlige saýlansa, onda öz wezipesine girişmezden ozal, Putin bilen duşuşmagy göz öňünde tutjakdygyny aýdypdy.

Tramp Birleşen Ştatlaryň Russiýa bilen gatnaşyklaryny gowulandyrjakdygyny yzygiderli aýdypdy. Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar Russiýa Krym ýarymadasyny ele salandan we gündogar Ukrainadaky ýowuz konflikte goşulyşandan soň ýaramazlaşypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG