Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýaýew özbek prezidentligine kasam kabul etdi


Şawkat Mirziýaýew
Şawkat Mirziýaýew

Özbegistanyň saýlanan prezidenti Şawkat Mirziýaýew Merkezi Aziýanyň iň bir köp ilatly ýurdunyň prezidentligine kasam kabul etdi.

Inagurasiýa dabarasy 14-nji dekabrda, parlamentiň iki palatasynyň goşma sessiýasynda, Ýokary mejlisde geçirildi.

Mirziýaýew sag elini Kuranda we ýurduň Konstitutsiýasynda goýup, «Özbegistanyň halkyna wepaly hyzmat etjekdigini» aýtdy.

Bu dabara Merkezi Saýlaw komissiýasynyň we Ministrler kabinetiniň agzalary, Konstitusiýa sudunyň sudýalara, daşary ýurt diplomatlar gatnaşdylar.

Uzak wagtlap premýer-ministr bolup işlän, 1989-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden Yslam Kerimow ýogalanyndan soň üç aýlap geçiş prezidenti bolan Mirziýaýew 4-nji dekabrda prezident saýlandy.

XS
SM
MD
LG