Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stepen Hawkıng: "Adamzadyň ahyrzamanyna müň ýyldanam az wagt galdy"


Iňlis fizigi Stepen Hawkıng.
Iňlis fizigi Stepen Hawkıng.

Dünýä belli alym professor Stepen Hawkıng golaýda eden bir çykyşynda, adamzadyň ýeriň ýüzünde ýok bolmagyna müň ýyldanam az wagtyň galandygyny aýdypdyr. Tanymal alymyň pikrine görä, adamlar diňe ýaşamak üçin başga bir planeta tapan mahaly ýok bolmakdan halas bolup biler. Bu baradaky maglumat "Mirror" atly iňlis gazetinde çap edildi.

74 ýaşyndaky fizigiň pikirine görä, adamlaryň ýer ýüzünde ýok bolmagy köpçülikleýin görnüşde ýüze çykar. "Oxford Union Society" guramasynda, adamzadyň gelip çykyşy we geljegi hakda çykyş eden alym: "Biz bir tarapdan-a adamzadyň geljegi üçin Galaktikanyň çuňluklaryna aralaşmalydyrys. Owranýan planetamyzy halas etmesek, 1000 ýyl ýaşap biljegimize ynanmaýaryn" diýipdir.

Hawking mundan owalky çykyşlarynda hem ýadro urşy, wiruslar barasynda alnyp barylýan genetiki işler we global gyzgynlyk sebäpli adamzadyň ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň uly howp astynda galyp bilekdigini nygtapdy. Bu gezekki çykyşynda bolsa, adamzadyň geljeginiň robotlara bagly boljakdygyny we bizden soňky nesilleriň howa şertleriniň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmäge mejbur boljagyny belläpdir.

Dünýäniň iň abraýly alymlarynyň biri bolam Hawking geljek nesillere köp sanly täze açyşlaryň garaşýandygyny, ýöne olaryň dünýäni goramaga mejbur bolaýmagynyňam mümkindigini aýdypdyr.

Ol öz çykyşynda şeýle diýipdir: "Bu ýere gaty köp çaganyň gelendigini görýärin we olaryň ulalan mahaly nähili dünýäde ýaşap biljegi barasynda gürrüň etmek isleýärin. Olara geljekde diýseň kämilleşen robotlar, sürüjisiz ulaglar we islän oýnunda ýeňiş gazanyp biljek kompýuterler garaşýar".

XS
SM
MD
LG