Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada gaçybatalga arzasy ret edilen owganlar Kabula dolandy


Şu tomus Ýewropa gaýdan owganystanly migrantlaryň biri.
Şu tomus Ýewropa gaýdan owganystanly migrantlaryň biri.

Germaniýadan gaçybatalga soran 30-dan gowrak owganystanlynyň arzasy ret edilensoň, olar ýurtdan deport edilip, Owganystana ugradyldy.

15-nji dekabrda Frankfurtdan deport edilen adamlary getirýän çarter uçarynyň Kabula gonandygy habar berilýär.

Bu adamlar şu ýylyň oktýabr aýynda owgan we nemes hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşykdan soň, Owganystana ugradylan owganlaryň ilkinji toparydyr.

Geçen ýyl Germaniýa aglabasy Owganystandan, Siriýadan we Yrakdan gelen migrantlaryň 890,000 sanysyny kabul etdi.

Berlin gaçybatalga soraýanlaryň arzalaryny gözden geçirmek prosesini çaltlaşdyrmak arkaly migrantlaryň akymyndan baş alyp çykmaga synanyşýar. Siriýa ýaly raýat urşundan gaçyp gelenleriň aglabasyna gaçybatalga beriljek ýaly bolup görünýär.

Şol bir wagtda, nemes häkimiýetleri gaçybatalga arzasy kabul edilmejek ýaly bolup görünýän adamlary öz ýurduna ugratmak prosesini hem çaltlaşdyrdylar.

XS
SM
MD
LG