Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aleppoda täze ýaraşyk ylalaşygynyň güýje girendigi habar berilýär


Hökümete tarapdar güýçler.

Siriýa konfliktinde söweşýän taraplar Alepponyň pitneçi nokatlaryndan adamlary ewakuasiýa etmek barada täze ylalaşygy baglaşandan soň, şäherde ok atyşygyň bes edilendigi habar berilýär.

14-nji dekabrda bolan çaknyşyklar sebäpli Russiýanyň we Türkiýäniň araçylyk etmeginde gazanylan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk başa barmandy. Bu ylalaşygyň netijesinde sebitdäki gozgalaňçy söweşijileri we parahat ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek göz öňünde tutulýardy.

Emma gozgalaňçy güýçleriň arasyndaky çeşmeler täze ýaraşyk ylalaşygynyň güýje girendigini we adamlary ewakuasiýa etmek çäresiniň 15-nji dekabrda amala aşjakdygyny aýtdy.

Siriýanyň harby güýçlerindäki we hökümete tarapdar “Hizballa” atly şaýy musulman hereketindäki çeşmeleriň aýtmagyna görä, adamlary ewakuasiýa etmek üçin taýýarlyklar dowam edýär.

Bir salym soň, düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy medisina kömegine mätäç adamlaryň bir toparynyň günorta Aleppony terk edip başlandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Russiýa prezident Wladimir Putiniň buýrugy esasynda rus esgerleriniň günorta Aleppodaky gozgalaňçylary çykarmaga ýolbaşçylyk etmek üçin taýýarlanýandygyny aýtdy.

Goranmak ministrligi Siriýanyň häkimiýetleri gozgalaňçylaryň we olaryň maşgalalarynyň howpsuzlygyna kepil geçdi diýdi. Gozgalaňçylar we olaryň maşgalalary Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib şäherine ewakuasiýa ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG