Birleşen Ştatlaryň dollary soňky 14 ýyla golaý wagtyň dowamynda iň ýokary derejesine ýetip, onuň möhüm walýutalara garşy hümmeti ýokarlandy. Bu waka ABŞ-nyň Federal Rezerwi gelejek ýylda girdeji prosentleriniň birnäçe tapgyrlaýyn ýokarlanjakdygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ýakyndan syn edilýän ABŞ dollarynyň indeksi 2003-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri 15-nji dekabrda iň ýokary derejesine ýetdi.
Bu hereket Birleşen Ştatlaryň Maliýe girdejilerini soňky bäş ýylda iň ýokary derejesine ýetirdi. ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň başlygy Janet Ýellen girdeji prosentleriniň ýokarlanmagyny Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetine bolan “ynamyň” güýçlenmegi diýip häsiýetlendirse-de, aksiýalar pese gaçdy.
Şu ýylyň mart aýyndan bäri ýewronyň ABŞ dollaryna görä hümmeti iň pes derejesine ýetdi we 1 ýewro 1,0497 dollara barabar boldy.