Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wideoda ýesirleriň jellady 10 ýaşyndaky oglanjyk


Yrakda (Mosul) ýesirleriň janyna kast edýän 10 ýaşyndaky özbek oglanjyk.

9-njy noýabrda "YD" toparynyň ganhorlugyny görkezýän 14 minutlyk ýene bir wideo ýazgy ýaýradyldy. Molsulda surata düşürilen wideoda dört sany aziýaly çaga jellat ýesirleriň janyna kast edýär.

Olaryň biri özbegistanly 10 ýaşyndaky oglanjyk ekeni. Wideo ýazgyda jellat oglanjygyň ady Abubakr Uzbeki görnüşinde agzalýar. BMG-yň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň metbugat geňeşçisi Rawina Şamdasani, "YD" toparynyň dört jelladynyň "içaly" hasaplanan dört ýesiriň janyna kast edendigini bildirýär.

14 minutlyk wideo ýazgyda öňe sürülmegine görä, harby eginbaşly, ýüzi ýapyk we gara äýnekli takmynan 10 ýaşyndaky oglanjygyň milleti özbek bolmaly. Wideoda onuň mämişi eginbaşly ýesirlerden biriniň kellesine sapançany diräp, atyp öldürendigi görkezilýär. Ýesirleriň janyna kast edilmeginiň öňüsyrasynda, başga bir jellat oglanjyk ors dilinde çeçen aheňi bilen gepläp şeýle diýýär:

"Gulak as, Putin, biz Russiýa baryp, sizi öz öýüňizde öldüreris we size hiç kim kömek edip bilmez".

Üç kamera bilen surata düşürilen wideo ýazgynyň ahyrynda ýesirleriň jansyz bedeniniň suwa agyp gidýändigi görkezilýär.

"Halyfatyň şir balalary"

BMG-yň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň metbugat geňeşçisi Rawina Şamdasani bu wideo ýazygynyň hakykatdanam "YD" ekstremist toparyna degişlidigini nygtaýar.

Ýaş jelladyň jana kast edýän pursady.
Ýaş jelladyň jana kast edýän pursady.

​"Biziň Yrakdaky hünärmenlerimiziň geçiren barlagy bu wakanyň bolandygyny we düşürilen wideo ýazgynyň hakykatdygyny tassyklaýar. Jellat oglanjyklaryň biri özbegistanly, ikinjisi Russiýadan, galan ikisi bolsa Yrakdan" diýip, Rawina Şamdasani BMG-nyň radiosynda eden çykyşynda belleýär.

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň bildirmegine görä, Mosulda ýaragsyz ýesirleriň elhenç ýagdaýda janyna kast edilmegine gatnaşan oglanjyklar "YD" toparynyň "Halyfatyň şir balalary" atly bölüminiň şägirtleri. Ol bölümiň bolsa ýörite janyndan geçen hüjümçileri taýýarlaýandygy mälim edilýär.

Geçen ýyl "YD" toparynyň hatarynda uruşýan özbek harbysy Hurşid Muhtarow Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna beren interwýusynda, ol çagalaryň "halyfatyň geljegi" bölüminde "ýörite ýetişdirilýändigini" gürrüň beripdir.

Çagyryş guraly

Häzirki döwürde Merkezi Aziýadan Siriýa öz maşgalalary bilen baran şeýle çagalaryň "YD-nyň” propaganda guralyna öwrülendigi indi hiç kim üçin syr däl.

Geçen ýylyň başynda "YD" topary, Gazagystandan baran bir oglanjygyň içalylykda aýyplanan bir adamyň janyna kast edişini görkezýän wideo ýazgyny ýaýradypdy. Şol wideonyň ahyrynda ol oglanjyk "her bir mujahit ýaly kapyrlaryň kellesini togalamagy" arzuw edýändigini nygtaýar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, "YD" toparynyň jellat çagalary Merkezi Aziýadan Siriýa öz maşgalalary bilen bilelikde barýar.

Azyndan 1000 sany ýaragly çaga

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugy owal "YD" toparynyň hatarynda azyndan 1000 sany özbek çagasynyň uruşýandygyny mälim edipdi. Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň maglumatyna görä, Pakistandaky özbek söweşijileriniň çagalaryndan hem ýörite din söweşijileri, ýagny mujahitler ýetişdirilýär.

Moskwadaky uniwersitetleriň birinde ylmy barlag işini alyp barýan özbegistanly psiholog Nargiza Abdullaýewa bu problemanyň Özbegistan babatynda gaty hatarly ýagdaýa öwrülip biljekdigini nygtap: "Uruşlaryň we söweşijileriň elhençlikleri çagalary özüne çekýänem bolsa, olaryň ruhy ýagdaýyny zaýalap biler. Şeýle çagalaryň jemgyýete uýgunlaşdyrylmagy gaty uzaga çeker we diýseň kyn bolar. Ýöne Afrika bilen dünýäniň beýleki gyzgyn nokatlaryndaky esger çagalaryň jemgyýete gaýtadan uýgunlaşdyrylmagy barasynda göreldeli tejribeler bar. UNICEF edarasynyň her ýyl amala aşyrýan şeýle maksatnamasynyň kömegi bilen özbek esger çagajyklaryny hem gaýtadan jemgyýete uýgunlaşdyryp bolar" diýip, Azatlyk Radiosyna öz pikrini beýan edipdir.

Psihologyň aýtmagyna görä, çagalygy oýun meýdançalarynda däl-de hut urşuň ortasynda geçen şeýle çagalar Özbegistanyň jemgyýetiniň geljegi üçin uly howp bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG