Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda aeroportuň bäş zenan işgäri öldürildi


Aeroportyň bäş zenan işgäri atylyp öldürildi, Kandahar, 17-nji dekabr, 2016

Owgan resmileri 17-nji dekabrda irden Kandahar şäherinde ýaragly näbelli hüjümçileriň aeroportuň bäş sany zenan işgärini atyp öldürendigini habar berdiler.

Regionyň häkiminiň metbugat wekili Samim Khpolwak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aeroportda işleýän zenanlaryň işe barýan wagtynda motorly üç hüjümçi tarapyndan oka tutulandygyny aýtdy.

“Hüjümçiler hüjümiň bolan ýerinden gaçdylar, biz derňewe başladyk” diýip regional resmisi aýtdy.

Şeýle-de Khpolwak hüjümiň jogapkärçiligini hiç kimiň öz üstüne almandygyny aýtdy.

Kandaharyň halkara aeroportunyň müdiri Ahmadullah Faiziniň “Frans press agentligine” (AFP) aýtmagyna görä, wepat bolan zenanlar hususy kärhananyň işgärleri bolup, aeroportda zenan ýolagçylaryň bedenini we goşlaryny barlamak boýunça işleri berjaý edýärdi. Aeroportuň ýolbaşçysy zenan işgärleriň özlerine barlagdan geçirilmedik ýolagçylar tarapyndan edilen haýbatlar sebäpli öz howpsuzlygyna howatyrlanma bildirendigini mälim etdi.

Geçmişde şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG