Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Partlamada güman edilýän 15 adam tutuldy


Türk esgerleri

Türkiýäniň içeri işler ministri Suleýman Soýlu Kaýseri şäherinde guralan we 14 esgeri öldüren ulag partlamasy bilen baglylykda 15 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

17-nji dekabrdaky hüjümde ýene 55 adam ýaralandy.

Soýlu žurnalistlere janyndan geçen bombaçynyň şahsyýeti anyklanandan soň, güman edilýän 15 adamyňtussag edilendigini gürrüň berdi.

Premýer-ministr Binali Ýildirim bombaçynyň Kaýseride hepde ahyryndaky dynç alşa barýan esgerleri getirýän awtobusy nyşana alandygyny aýtdy.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri ýaraly bolanlaryň 48-siniň esgerlerdigini aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, «separatist terrorçy gurama jogapkär» diýmek bilen,bu hüjümde Kürdistan Işçiler partiýasyny (PKK) günäledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG